Türkiýäniň energetika we tebigy gorlar ministri Fatih Dönmez Türkmenistandan tebigy gazy Ýewropa daşamak boýunça «Ýol kartasynyň» ýakyn wagtda işlenip düzüljekdigine umyt bildirdi diýip, türk metbugaty habar berdi.
«Ýol kartasy golaý wagtda taýýarlanar diýip umyt edýärin. Bu meseläniň üstünde işlemek üçin iş topary döredildi, işler çaltlandyrylar» diýip, türk ministri nygtady.
Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan geçen penşenbede habarçylaryň türkmen tebigy gazyny Ýewropa eltmek babatda sowallaryna Energetika ministrligine bir aýyň dowamynda bu meseläni çözmek barada tabşyryk berendigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, bu mesele ýanwarda Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýä amala aşyrjak saparynyň dowamynda gutarnykly çözüler.
Türkmen gazynyň eksporty baradaky mesele 14-nji dekabrda Türkmenbaşy şäherinde geçen üç ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, «Trend» ýazýar.