Turkmenportal logo
16.12.22
1295612956
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: Altymyrat Annadurdyýew Ýokary ligadaky 130-njy goluny geçirdi

Möwsümiň ahyrynda biraz tijenip başlan we Ýokary liganyň soňky üç tapgyrynda üç pökgi geçiren «Altyn asyryň» hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew 26-njy tapgyrdan soň ýene bir üstünligi gazandy.


Türkmenistanyň çempionatyndaky gollarynyň sanyny 130-a tegelän hüjümçi Ýokary ligada 2012-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda üçünji ornuň ýeke-täk eýesi boldy. Ol ozal bu orny 129 golly topardaşy Myrat Ýagşyýew bilen paýlaşýardy.


Sanawyň başyny 142 gol bilen karýerasyna arakesme beren Süleýman Muhadow çekýär. Ikinji orunda bolsa 133 gol bilen «Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýew bar.