Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda nebitgaz ulgamynyň göreldeli işgärleri sylaglandylar

10:1615.12.2022
0
20540

Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli, Prezident Serdar Berdimuhamedow göreldeli nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerini Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi.

«Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda beýan edilişi ýaly, resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny türkmen geçirmekde gazanan uly üstünlikleri, Garaşsyz Türkmenistanyň, mähriban halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmeti nazara alnyp, şeýle hem Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni mynasybetli, ýurduň şu raýatlary Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy:

  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň kadalaşdyryş-barlag bölüminiň başlygy Sergeý Ýurýewiç Gusarow,
  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň Baş gazgeçirijiniň ugrundaky «Derýalyk» önümçilik edarasynyň ugur ulanyş gullugynyň elektrik we gaz bilen kebşirleýjisi Bekmyrat Saryýewiç Nurmädow,
  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň gazy çykarmak we ugratmak boýunça kükürtli önümçilik böleginiň Malaý-Çartak gaz käniniň operatory Halmuhammet Amangeldiýewiç Seýitniýazow,
  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň 3-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň elektrik bilen kebşirleýjisi Orazserdar Tirkişow,
  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň Harbylaşdyrylan «Nebitgazhowpsuzlyk» müdirliginiň gaz-tehniki gözegçilik gullugynyň Mary bölüminiň etrap inžener-gözegçisi Gurbannazar Kakalyýewiç Amannazarow,
  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazaragatnaşyk» müdirliginiň ªatlyk aragatnaşyk gullugynyň radiooperatory Hangeldi Gurbansähedow,
  • «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň «Galkynyş» gaz känindäki 110-njy buraw desgasynda burawlaýjynyň kömekçisi Akmyrat Agabaýew,
  • «Türkmennebit» döwlet konserniniň Önümi paýlaşmak hakynda ylalaşyklar müdirliginiň seljeriş we barlaglar bölüminiň başlygy Halmyrat Halbaýewiç Hajyýew,
  • «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň 11-nji gözegçilik ölçeg enjamlary we awtomatika önümhanasynyň ussasy (nobatçysy) Rustam Tofikowiç Başirow,
  • «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-sazlaýyş we elektrogurnama müdirliginiň elektrogurnama önümhanasynyň ussasy Döwran Amanmämmedowiç Paşanaýew,
  • «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Ýöritegurluşykgurnama» müdirliginiň elektrik we gaz bilen kebşirleýjisi Nazgylyç Gylyçmyradow,
  • «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň «Barsagelmez» guýulary düýpli abatlaýyş müdirliginiň Barsagelmez guýulary düýpli abatlaýyş önümhanasynyň uly ussasy Pyhamberguly Rejebowiç Myradow,
  • «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitgeofizika» müdirliginiň Balkanabat toplumlaýyn geofiziki ekspedisiýasynyň ýokary basyş enjamlaryna hyzmat ediş toparynyň ussasy Ilmyrat Aşyrow,
  • «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Gubadag nebit önümleri kärhanasynyň nebit önümlerini daşamak boýunça awtoulagyň sürüjisi Saparbaý Ýazjanowiç Karaýew,
  • «Türkmennebit» döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň düýpli gurluşyk bölüminiň inženeri Nina Aleksandrowna Barabaşewa,
  • «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baş tehnology Derkar Kuwwatgeldiýewiç Bekdurdyýew.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň