Soňky habarlar

Arhiw

Italiýanyň Türkmenistandaky ilçisi DIM-de kabul edildi

23:5409.12.2022
0
3448

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň täze bellenen Italiýanyň Türkmenistandaky Adadtdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Luidji Ferrari bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ministrligiň resmi saýty habar berýär.

W.Hajiýew Ilçini wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de oňa diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Ferrari iň gowy arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, türkmen-italýan gün tertibini ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigini ynandyrdy.

Syýasy-diplomatik gepleşikleri giňeltmekde halkara guramalaryň çäginde işjeň gatnaşykda bolmak, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýokarlandyrma, hususan-da yzygiderli syýasy maslahat beriş mehanizmini döretmek üçin aýratyn orun berildi.

Taraplar Ýewropa Bilelişiginiň çäginde hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem “Ýewropa Bilelişik-Merkezi Aziýa” formaty barada pikir alyşdylar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçiliklerini belläp, W.Hajiýew söwdany ösdürmegiň ýollaryny tapmagyň maksadalaýykdygyny, şol sanda Işewürler geňeşini ýa-da Iş toparyny döretmek arkaly belläp geçdi.

Diplomatlar birnäçe italýan kompaniýalary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda alyp barýan işlerine kanagatlanma bilen bellediler we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň uly ugurlaryny belläp geçdiler.

Duşugyň çäginde Italýanyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň