Soňky habarlar

Arhiw

TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy geçirildi

11:4410.12.2022
0
37140

10-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy üstünlikli geçirildi. Forumyň gün tertibine howanyň üýtgemegi, suwdan peýdalanmak, azyk howpsuzlygy, maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary boýunça hyzmatdaşlyk ýaly sebit derejesinde ileri tutulýan wezipeleriň birnäçesi girizildi.

Forumyň dowamynda BMG-niň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, şeýle-de Gazagystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystanyň Strategiki barlaglar institutynyň, Gyrgyzystanyň Prezidentiniň ýanyndaky Milli strategiki barlaglar institutynyň, Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki we sebitara barlaglar institutynyň, Merkezi Aziýa Halkara institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Hazar deňzi institutynyň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Türkmensuwylymtaslama» institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň hem-de TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri gatnaşdylar.

Bäşinji Merkezi Aziýa bilermenler forumy öz işini mowzuklaýyn sessiýalaryň üçüsinde alyp bardy. Olarda halkara bilermenler howanyň üýtgemegi we Aral deňzi bilen bagly meselelerde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Türkmenistandaky sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, Merkezi Aziýa sebitinde azyk howpsuzlygy, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamyndaky hyzmatdaşlyk ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň