Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli 308 tussagyň günäsi geçildi

22:1009.12.2022
0
38524

Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanda iş kesilen 308 adamyň günäsi geçildi. Bu barada Permana Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi.

«Watan» habarlar gepleşiginde aýdylyşy ýaly, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk edaralaryň ýolbaşçylary, şol sanda ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçihanalarynyň, halkara guramalarynyň ýanyndaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň başynda asylly däbe eýerilip, iş kesilen 308 sany raýatymyzyň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryndan günäsi geçilen adamlary tussaglykdan boşadyp, olary ýakyn wagtda öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutany günäsi geçilen adamlara bolsa, yhlasly zähmet çekip, ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işlere goşant goşmaklaryny arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň