Turkmenportal logo
08.12.22
2157721577
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Türkmenfilm» «Ýiten top» atly täze multfilm döretdi
«Türkmenfilm» «Ýiten top» atly täze multfilm döretdi

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi ýaş tomaşaçylar üçin baýramçylyk sowgady hökmünde täze multfilm döretdi. Bu barada Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan habar berildi.


«Ýiten top» diýlip atlandyrylan täze multfilmde Mämmetjanyň hem-de onuň dostlarynyň nobatdaky başdan geçirmesi hakynda gürrüň berilýär. Dogruçyl we gönümel Mämmetjan elmydama hakykatyň tarapynda. Bu gezek ol dosty Çary bilen ýitirilen topuň eýesini gözleýär.


Multfilmi döretmek ugrunda režissýor Röwşen Welmiýew, ssenariýaçy Batyr Hojanyýazow, önümçilik dizaýneri Begenç Annaberdiýew we animatorlar topary zähmet çekdi.


Multfilme turkmentv.gov.tm web sahypasynda tomaşa edip bilersiňiz.