Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy türkmen deputatlarynyň öňünde çykyş etdi

22:1907.12.2022
0
21406
Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy türkmen deputatlarynyň öňünde çykyş etdi
Surat: meclis.gov.az

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Gafarowa Türkmenistana sapar bilen geldi. Ýurdunyň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Aşgabada sapar bilen gelen Azerbaýjanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy hanym Sahiba Gafarowany şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow kabul etdi.

Sahiba Gafarowa Türkmenistana saparynyň çäklerinde şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş etdi.

Azerbaýjan resmi elektron neşirlerinde habar berlişi ýaly, Sahiba Gafarowa öz çykyşynda Milli Mejlisiň Başlygy hökmünde Türkmenistana ilkinji resmi saparynyň Azerbaýjan Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelýändigini belläp, taryh, dil, din we medeniýet babatdaky umumylygyň türkmen hem-de azerbaýjan halklaryny birleşdirýändigine ünsi çekdi. Azerbaýjanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy soňky ýyllarda iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalarynyň netijesinde syýasy, söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, ýangyç-energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesine göterilendigini kanagatlanma bilen nygtady.

Sahiba Gafarowa häzirki wagtda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň bilelikde durmuşa geçiren taslamalarynyň diňe bir ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna goşant goşman, eýsem, sebitde we has uly halkara giňişliklerde durnuklylyga, gülläp ösüşe hem-de hyzmatdaşlyga hyzmat edýändigini aýratyn nygtady.

Azerbaýjanyň Parlamentiniň ýolbaşçysy häzirki ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň derejesiniň parlamentara hyzmatdaşlygy hem has-da ösdürmäge amatly mümkinçilikleri döredýändigini bellemek bilen birlikde, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň kanun çykaryjy edaralarynyň wekilleriniň özara saparlarynyň, dürli halkara çäreleriň çägindäki duşuşyklarynyň bu ugurda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda ähmiýetiniň uludygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda şu gün gol çekilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahaty bilen Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň arasynda hyzmatdaşlyk baradaky Ähtnamanyň möhüm ornunyň bardygy bellenildi.

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy parlament diplomatiýasynyň ähmiýeti artýan häzirki döwürde halkara parlament guramalarynyň çäginde hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýete eýe bolýandygyny aýtdy. Bu babatda halkara düzümleriň çäginde alnyp barylýan türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygyna ýokary baha berildi.

Sahiba Gafarowa çykyşyny şeýle sözler bilen jemledi: «Biz parlament wekilleri hökmünde bu türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny has-da berkitmek, raýdaşlygymyzy we bilelikdäki işlerimizi güýçlendirmek üçin edýän tagallalarymyzy artdyrmalydyrys. Sebäbi bu maksat halklarymyzyň isleginden gelip çykýar we ýurtlarymyzyň bähbitlerine hyzmat edýär».

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň