Soňky habarlar

Arhiw

Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň ordeni bilen sylaglandy

22:3707.12.2022
0
21702

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, döwlet hem-de jemgyýetçilik işi bilen Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmaga goşan uly şahsy goşandy göz öňünde tutulyp, Azerbaýjan Respublikasynyň Milli Mejlisiniň Başlygy Sahiba Aly gyzy Gafarowa Türkmenistanyň «Hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşandy üçin» ordeni bilen sylaglanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň