Azerbaýjanyň deňiz transport flotuna degişli «Huseýn Jawid» ýük gämisi düýpli abatlandy we Türkmenistana ilkinji saparyna ugradyldy.
Gäminiň esasy we kömekçi hereketlendirijilerini, mehanizmlerini (nasoslaryny) abatlamak «Zyh» gämi abatlaýyş kärhanasynda geçirildi diýip, ASCO-nyň metbugat gullugy habar berýär.
Şeýle hem gämide gurnama, radionawigasiýa we kebşirlemek işleri geçirildi. Gäminiň suwasty we ýerüsti bölekleri abraziw gum bilen doly arassalandy we boýaldy, ýaşaýyş we hyzmat ediş otaglary häzirkizamanyň talaplaryna görä abatlandy.
Bejeriş işleri tamamlanandan soň, gämi degişli barlaglardan üstünlikli geçdi we işe girizildi.
Uzynlygy 108,33 we ini 16,74 metr bolan ýük gämisiniň göterijilik ukyby 5200 tonnadyr.