Mejlisiň Başlygy Awstriýanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

22:2630.11.2022
0
15449

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa Awstriýa Respublikasynyň Türkmenistandaky işe başlaýan Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tomas Şuller-Götzburgdan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Mejlisiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanynyň adyndan myhmany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, oňa Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda dostlukly we köpugurly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda üstünlikleri arzuw etdi.

Awstriýaly diplomat türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi hem-de hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty, oňyn başlangyçlary bilen uly halkara abraýa eýe bolan döwletde — Türkmenistanda Awstriýa wekilçilik etmegi özi üçin hormat hasaplaýandygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Awstriýanyň doly ygtyýarly wekiline Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanynyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler hem-de iri halkara taslamalar barada giňişleýin maglumat berildi.

Şeýle-de awstriýaly diplomat Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň düzümi we alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklaryň, köptaraplaýyn görnüşde, şol sanda iri halkara guramalaryň we düzümleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine özara gyzyklanma beýan edildi.

Söwda-ykdysady, ylym we ýokary tehnologiýalar, saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk, şeýle hem iki halkyň dostluk, özara düşünişmek gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän medeni hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Ilçi Awstriýada iki ýurduň arasynda ýola goýlan dostluk we oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ýokary baha berilýändigini nygtady. Aşgabatda geçirilýän Türkmen-awstriýa işewürlik maslahaty hem-de Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky 11-nji mejlisi munuň subutnamasy hökmünde görkezildi.

Duşuşygyň ahyrynda awstriýaly tejribeli diplomat Tomas Şuller-Götzburg öz ýurdunyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekili hökmünde iki halkyň we döwletiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly, netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge işjeň ýardam etjekdigine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň