Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow Tunisiň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady

08:4830.11.2022
0
14250
Serdar Berdimuhamedow Tunisiň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Surat: aa.com.tr

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Tunis Respublikasynyň Prezidenti Kais Saide we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Tunis Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, «Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýar» diýip, türkmen döwletiniň Baştutany öz hatynda belleýär we Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtap, özara hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kais Saide tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Tunis Respublikasynyň halkyna bolsa öňegidişlik we gülläp ösüş arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň