Turkmenportal logo
30.11.22
1721717217
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
DÇ-2022: Eýran pleý-off ýollanmasyny gazanyp bilmedi
DÇ-2022: Eýran pleý-off ýollanmasyny gazanyp bilmediSurat: championat.com

DÇ-2022-niň «B» toparçasyndan 1/8 final tapgyryna Angliýanyň we ABŞ-nyň milli ýygyndylary ýollanma aldy. 29-njy noýabrda geçirilen üçünji tapgyryň oýunlarynda ABŞ Kristian Pulişiçiň 38-nji minutda uran goly bilen Eýrany ýeňlişe sezewar edip, pleý-off ýollanmasyny özüniňki etdi. Şeýlelikde, deňlik kanagatlandyrýan oýunda hem garşydaşyndan asgyn gelen Eýran öz taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatynyň 1/8 finalyna tapgyryna çykmak mümkinçiliginden peýdalanyp bilmedi. Tapgyrda Angliýa Markus Reşfordyň dubly (50, 61) we Fil Fodeniň goly (51) bilen Uelsden 3:0 hasabynda üstün çykyp, indiki tapgyra adyny ýazdyrdy.


Üçünji tapgyryň netijelerine görä, Angliýa 7 utuk bilen birinji orunda, ABŞ 5 utuk bilen ikinji orunda 1/8 finala çykdy. Bu tapgyrda ABŞ «A» toparçada birinji orny eýelän Niderlandlara garşy 3-nji dekabrda meýdança çykar. Angliýa bolsa «A» toparçada ikinji basgançakdan ýer alan Senegal bilen çärýek finala çykmak üçin göreş alyp barar.


30-njy noýabrda «D» we «C» toparçalarynda indiki pleý-off tapgyrynyň ähli gatnaşyjylary belli bolar.


29-njy noýabrda geçirilen oýunlaryň netijeleri:


  • «A» toparça. Ekwador — Senegal 1:2
  • «A» toparça. Niderlandlar — Katar 2:0
  • «B» toparça. Eýran — ABŞ 0:1
  • «B» toparça. Uels — Angliýa 0:3

30-njy noýabrda geçiriljek oýunlar:


  • «D» toparça. Awstraliýa — Daniýa — 20:00
  • «D» toparça. Tunis — Fransiýa — 20:00
  • «C» toparça. Saud Arabystany — Meksika — 00:00
  • «C» toparça. Polşa — Argentina — 00:00