Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Senegal Ekwadory ýeňip, 1/8 finala çykdy

22:2829.11.2022
0
17988
DÇ-2022: Senegal Ekwadory ýeňip, 1/8 finala çykdy
Surat: sports.ru

DÇ-2022-de «A» toparçada üçünji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. «Al Baýt» stadionynda geçirilen oýunda Niderlandlar ýer eýesi Katary 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Niderlandlara ýeňiş getiren gollar Gakponyň (26) we De Ýonguň (49) adyna ýazyldy. Şol bir wagtda «Halifa» stadionynda oýnalan beýleki duşuşykda Senegal kynçylyk bilen Ekwadordan üstün çykdy. Oýunda hasaby 44-nji minutda senegally hüjümçi Ismail Sarr açdy. Ol Ekwadoryň derwezesine tarap bellenilen penaltini dürs ýerine ýetirip, toparyny hasapda öňe çykardy. Ekwador oýnuň 67-nji minutynda Kaýsedonyň goly bilen hasaby deňledi, emma olaryň begenji uzaga çekmedi. Has takygy, oýnuň 70-nji minutynda Kalidu Kulibali Senegala ýeňiş getiren topy derwezä ýollady.

Şeýlelikde, üçünji tapgyryň netijelerine görä, Niderlandlar 7 utuk bilen birinji orny eýeläp indiki tapgyra çykdy. 1/8 final tapgyrynyň ikinji ýollanmasyna bolsa 6 utuk toplan Senegal eýelik etdi. 1/8 final tapgyrynda Niderlandlar «B» toparçada ikinji orny eýelän ýygyndy bilen, Senegal bolsa «B» toparçada birinji orny eýelän topar bilen güýç synanyşar.

«B» toparçada üçünji tapgyryň duşuşyklary şu gün 23:55-de başlanar. Bu toparçada şu gün Eýran ABŞ bilen, Angliýa bolsa Uels bilen indiki tapgyryň ýollanmasy üçin göreş alyp barar.

Mundan ozal Fransiýanyň, Braziliýanyň we Portugaliýanyň wagtyndan öň pleý-off tapgyryna ýollanma alandygyny habar beripdik.

Ýeri gelende ýatlatsak, Türkmenistanyň çäginde dünýä çempionatynyň duşuşyklaryna «Match tv» teleýaýlymynyň üsti bilen göni ýaýlymda tomaşa etmek mümkin.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň