Turkmenportal logo
26.11.22
2092520925
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: «Merw» «Köpetdagy» ýeňip, ondan ara açdy
TÝL ― 2022: «Merw» «Köpetdagy» ýeňip, ondan ara açdy

Marynyň «Merw» futbol topary Türkmenistanyň çempionatynyň 22-nji tapgyrynda «Köpetdagy» 3:2 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Mary şäherindäki «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.


Ýer eýelerinde ilkinji hasaplar Alibek Abdyrahmanowyň 3-nji we 61-nji (11 m.j.u.) minutlarda geçiren goşa goly bilen açyldy. «Merwiň» üçünji goluny bolsa 72-nji minutda Orazberdi Myradow geçirdi. Myhman toparda 21-nji minutda Şamämmet Hydyrow, 30-njy minutda bolsa Ýazgylyç Gurbanow geçirdi.


Duşuşygyň ahyrynda «Köpetdagyň» wekili Bagtyýar Gürgenow eminden ikinji sary karty hem alyp, oýundan çykaryldy.


Bu ýeňişden soňra utugyny 36-a çykaran «Merw» üçünji orundaky ýerini gorady. Topar ýaryşdaky goňşusy «Köpetdag» bilen aralygy 5 utuga çenli açdy.

TÝL ― 2022: «Merw» «Köpetdagy» ýeňip, ondan ara açdy | Turkmenportal.com