Turkmenportal logo
25.11.22
4184541845
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjanyň Alýat portunda Türkmenistandan iberilýän harytlar üçin ýer bölünip berildi
Azerbaýjanyň Alýat portunda Türkmenistandan iberilýän harytlar üçin ýer bölünip berildiSurat: trend.az

Uglewodorod ulag ýollary Hazar sebitiniň ähli ýurtlarynyň has-da ýakynlaşmagyna we strategik hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmäge mümkinçilik berer. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew «Ählumumy merkezi geçelge: howpsuzlyk we ykdysadyýet» atly halkara maslahatdaky çykyşynda belledi diýip «Azertaj» habar berýär.


Bellenilişi ýaly, azerbaýjan Lideri öz çykyşynda, hususan-da, şeýle diýýär:


— Meniň pikirimçe, häzirki hereket edýän uglewodorod ulag-aragatnaşyk ýollary Hazar sebitiniň ähli ýurtlaryny jebisleşdirer. Bu babatda biziň Türkmenistan bilen ýola goýan hyzmatdaşlygymyzyň uzyn taryhy bar. Häzirki wagtda Azerbaýjan Türkmenistandan harytlaryň üstaşyr geçmegi üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär. Alýat deňiz portunda Türkmenistandan we onuň deňiz porty arkaly iberilýän harytlar üçin aýratyn ýer bölüp berdik.


Hazar deňziniň azerbaýjan portunda deňizýaka ýurtlaryň ählisi üçin aýratyn bölümleri döretmek meýilleşdirilýär. Ol bölümlerde ýurtlaryň öz harytlaryny saklamagy we üstaşyr eksport etmegi üçin mümkinçilikler dörediler.