Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda hususy notariatyň ösüşiniň kanunçylyk binýady döredildi

10:0125.11.2022
0
19626

Şu gün neşir edilen «Notariat we notarial işi hakynda» täze Kanuna laýyklykda, Türkmenistanda hususy notariatyň ösmeginiň kanunçylyk binýady döredildi.

Hususan-da, täze Kanunda Türkmenistanyň notariatyna notarial işleri ýöretmek hukugyny berýän ygtyýarnama esasynda işleýän edaralardan we ygtyýarly işgärlerden hem-de hususy notariatlardan ybarat ulgam hökmünde garalýar.

Kanunyň 20-nji maddasy, ygtyýarnamasy Türkmenistanyň Adalat ministrliginde Ygtyýarnamalylaryň maglumat binýadynda hasaba alnan hususy notariusyň kanuny statusyna bagyşlanýar. Şeýle hem kanun, notariusyň kömekçileriniň we diňleýjileriniň işini kesgitleýär.

«Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň kanuny 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan herekete girizilýär. Täze Kanunyň güýje giren gününden başlap, 2015-nji ýylyň 18-nji awgustynda çykan «Notariat we notarial işi hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we degişli goşmaçalar hem-de üýtgetmeler öz güýjüni ýitiren diýlip ykrar ediler.

Kanun bilen «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda tanşyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň