Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

22:0124.11.2022
0
26027
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda ýurduň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler ýurduň sebitlerinde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, hususan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak babatda ýerine ýetirilýän işler, şeýle-de welaýatlarda Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdiler.

Degişli hasabatlarda Ahal we Lebap welaýatlarynda bugdaý ekişiniň tamamlanandygy barada aýdyldy.

Hasabatlaryň çäklerinde ýurduň sebitlerinde bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwunyň tutulyşynyň we ekiniň mineral dökünler bilen iýmitlendirilişiniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilýändigi, bu işde oba hojalyk tehnikalaryndan we gurallaryndan netijeli peýdalanylýandygy barada aýdyldy. Şeýle-de 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy barada hem bellenildi.

Häkimler welaýatlarda ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, ilaty bu azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda zerur işleriň ýerine ýetirilýändigi barada hem hasabat berdiler.

Iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleri ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda sebitlerde meýilleşdirilen işler hem-de olaryň ýerine ýetirilişi, şol sanda şu ýyl welaýatlarda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada-da hasabat berdiler.

Şeýle-de hasabatlarda ýurduň welaýatlarynda Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy.

Degişli hasabatlarda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy, şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada-da aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almagyň şu günki günüň möhüm wezipesidigini aýtdy hem-de geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk geçirmek babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyk geçirilmelidigine ünsi çekip, şunda oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmelidigini belledi hem-de bu babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Prezident ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almakda, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmekde, ilaty olar bilen bolelin üpjün etmekde zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.

Şeýle-de döwlet Baştutany ýurdy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna we Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda gurlup ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan önümçilik we medeni-durmuş maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamak babatda häkimlere degişli tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli welaýatlarda geçiriljek dabaralara ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Degişli häkimlere gant şugundyry ekilen meýdanlardan ýokary hasyl ýygnap almak ugrundaky işleri talabalaýyk guramak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy we bu babatda degişli görkezmeleri berdi. Ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda hem-de ýitgisiz ýygnap almak babatda-da anyk tabşyryklar berildi.

Iş maslahatynda wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Şeýle-de hasabatda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti tarapyndan, ylalaşylan meýilnama laýyklykda, 22-nji noýabrda Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň suw hojalyk pudaklarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk toparynyň nobatdaky mejlisiniň jemleri barada aýdyldy.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, obasenagat toplumynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek meselelerine ünsi çekdi hem-de möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýokary hilli geçirilmeginiň zerurdygyny belledi. Şeýle-de dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan pagtanyň ähmiýeti barada aýtmak bilen, ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almagyň, geljek ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerini talabalaýyk geçirmekde ähli çäreleri görmegiň zerurdygyny nygtady.

Iş maslahatynda möwsümleýin oba hojalyk işlerini guramaga jogapkärçilikli çemeleşmegiň möhümdigi bellenip, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilmeginiň zerurdygyna üns çekildi hem-de wise-premýere birnäçe tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutany suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, bu işde öňdebaryjy dünýä tejribesini we ylmyň soňky gazananlaryny netijeli ulanmaga degişli meselelere aýratyn üns berilmelidigini aýdyp, degişli görkezmeleri berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmegine, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň