Portugaliýanyň milli ýygyndysy Katarda geçýän futbol boýunça dünýä çempionatynda Ganany ýeňlişe sezewar etdi. Dohadaky «974» stadionynda geçirilen oýun 3:2 hasabynda portugallaryň ýeňşi bilen tamamlandy.
Oýnuň 65-nji minutynda Kriştianu Ronaldu penaltini dürs ýerine ýetirip, hasaby açdy. 73-nji minutda Gana Andre Aýýunyň goly bilen hasaby deňledi. 78-nji minutda Žoau Feliks Portugaliýany täzeden öňe çykaran bolsa, 80-nji minutda Rafael Leau aratapawudy 2 topa artdyrdy. 89-njy minutda Osman Bukara hasaby gysgaltmagy başardy. Oýnuň ahyrky sekuntlarynda Inýaki Uilýams hasaby deňlemäge örän golaý geldi. Ol şol pursatda portugallaryň derwezeçisiniň säwliginden soň topy eýeledi, emma goragçylar öz wagtynda Portugaliýany goldan halas etmäge ýetişdiler.
Oýundaky ilkinji goluň awtory Kriştianu Ronaldu bäş aýry-aýry dünýä çempionatynda gol uran taryhdaky ilkinji oýunçy boldy. Onuň hasabynda mundiallarda urlan jemi 8 gol bar.
Ýeňişden soňra Portugaliýa 3 utuk bilen «H» kwartetinde liderlik edýär. 1 utukdan toplan Urugwaýyň we Koreýa Respublikasynyň ýygyndylary 2-3-nji orunlary bölüşip durlar. Heniz utuk gazanyp bilmedik Gana bolsa iň soňky orunda ýerleşdi.
Dünýä çempionatynyň bu günki oýunlaryny 23:55-de başlanjak Braziliýa — Serbiýa duşuşygy jemlär.