Soňky habarlar

Arhiw

Futzal, Naýbaşy liga: 21-nji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri

16:2924.11.2022
0
19151

Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirilip, onuň netijesinde ýaryş tertibinde ilkinji üç orny eýeleýän «Köpetdag», «Deňizçi» hem-de «Senagatbank» toparlary nobatdaky ýeňişlerini gazandylar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

«Köpetdag» TNGIZT toparyny 10:1, «Deňizçi» «Ahaly» 7:0, «Senagatbank» topary bolsa «Daşoguz» toparyny 4:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda «Gümrükçi» «Milli goşundan» 4:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 54 utukdan toplan «Köpetdag» bilen «Deňizçi» toparlary ýaryş tertibinde ilkinji iki orny eýeleýärler. 41 utugy bolan «Senagatbank» topary üçünji orunda ornaşdy.

Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 22-nji tapgyrynyň duşuşyklary 24-nji noýabrda geçiriler: TNGIZT – «Gümrükçi», «Ahal» – «Köpetdag», «Milli goşun» –»Senagatbank», «Daşoguz» – «Deňizçi».

21-nji tapgyryň netijeleri:
TNGIZT – «Köpetdag» – 1:10
«Ahal» – «Deňizçi» – 0:7
«Milli goşun» – «Gümrükçi» – 1:4
«Senagatbank» – «Daşoguz» – 4:3

Ýaryş tertipnamasy:

T/b TOPARLAR O Ý D U T U
1. «Köpetdag» 21 17 3 1 111-37 54
2. «Deňizçi» 21 17 3 1 104-21 54
3. «Senagatbank» 21 13 2 6 62-46 41
4. «Gümrükçi» 21 12 3 6 77-55 39
5. «Daşoguz» 21 5 3 13 74-104 18
6. TNGIZT 21 5 1 15 52-99 16
7. «Ahal» 21 4 0 17 46-114 12
8. «Milli goşun» 21 3 1 17 44-94 10
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň