Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň garaşylýan netijäni bermeýändigi bellenildi

20:4024.11.2022
0
35398

23-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ylym ulgamyny ösdürmäge köp möçberde býujet serişdeleriniň gönükdirilýändigini belledi.

Ýöne Ylymlar akademiýasynyň işi seljerilende, entek garaşylýan netijeler görünmeýär diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň ylmy barlaglara, ylma goýlan serişdeleriň tiz wagtda netije bermeýändigine örän oňat düşünýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, munuň üçin ýyllar gerek. Elbetde, nazary-ylmy işler hem zerur bolup durýar. Ýöne bu ýerde esasy sorag senagat maksatly ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak bilen bagly anyk ykdysady netijeleri bolan açyşlaryň ýoklugyndadyr.

— Bu näme üçin beýle bolýar? Türkmen alymlarynyň we ýaşlarynyň düşünjeleriniň ýeten derejesi haýsy ýurduňkydan pes? — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we bizde ýokary bilimli, ukyply ýaşlaryň bardygyny hem-de köpdügini nygtady.

Bellenilişi ýaly, esasy maksat olary goldamak we degişli ugra gönükdirmek bolup durýar. Ylymlar akademiýasynyň esasy wezipesi hut şu bolmalydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň