Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: Nobatdaky sensasiýa! Ýaponiýa Germaniýany utdy

20:1523.11.2022
0
18561

DÇ-2022-de Aziýanyň wekilleri sensasiýa görkezmegi dowam edýärler. Düýn Saud Arabystany garaşylmadyk ýagdaýda Argentinadan üstün çykan bolsa, bu gün Ýaponiýa Germaniýany ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşykda hasap 33-nji minutda Germaniýanyň ýarymgoragçysy Ilkaý Gündogan tarapyndan açyldy. Emma ýaponlaryň oýnuň soňky 15 minutlygyndaky ajaýyp oýunlary hasapdaky deňagramlylygy Günüň dogýan ýurdunyň peýdasyna üýtgetdi. Has takygy, 75-nji minutda Risu Doan, 83-nji minutda bolsa Takuma Asano Noýeriň derwezesiniň torunda top gaýmalatdy. Şeýlelikde, Ýaponiýa 2:1 hasabynda oýnuň ykbalyny öz haýryna çözüp, taryhda ilkinji gezek Germaniýany ýeňmegi başardy. «E» toparçadaky ikinji oýun şu gün Ispaniýa bilen Kosta-Rikanyň arasynda geçiriler.

Germaniýa indiki tapgyrda 27-nji noýabr senesinde Ispaniýanyň ýygyndysy bilen garşylaşsa, Ýaponiýa bolsa şol gün Kosta-Rika bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň