Soňky habarlar

Arhiw

«Mançester Ýunaýted» Ronaldunyň topardan gidendigini mälim etdi

22:4522.11.2022
0
26859
«Mançester Ýunaýted» Ronaldunyň topardan gidendigini mälim etdi
Surat: sportbox.ru

«Mançester Ýunaýted» Kriştianu Ronaldu bilen şertnamany wagtyndan öň ýatyrdy. Bu barada toparyň resmi metbugat gullugyna salgylanyp, sports.ru habar berýär.

«Mançester Ýunaýted» ikitaraplaýyn ylalaşyk esasynda özara şertnamanyň bes edilendigi sebäpli, portugaliýaly hüjümçiniň topardan gidýändigini mälim etdi.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Kriştianu Ronaldunyň britan žurnalisti Pirs Morgana interwýu berendigini habar beripdik. Ol öz interwýusynda toparyň ýolbaşçylaryny we baş tälimçisini berk tankytlapdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň