Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan we BAE bilelikdäki bank döreder

11:1522.11.2022
0
16904

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine bolan saparynyň çäklerinde BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan türkmen bazarynyň geljeginiň örän uludygyny aýdyp, şeýle ýokary bahanyň ýurtda işewürligi ýöretmek üçin ähli şertleriň bardygyna, ozaly bilen, amatly maýa goýum ýagdaýynyň döredilendigine hem-de okgunly ykdysady ösüşe esaslanýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, bilelikdäki banky döretmek we iki ýurtda-da onuň wekilhanalaryny açmak barada teklip beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu teklibi goldap, munuň üçin Türkmenistan tarapyndan ähli mümkinçilikleriň dörediljekdigini aýtdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga aýratyn gyzyklanma bildirýändigini belläp, Türkmenistana ägirt uly serişde hem-de ykdysady kuwwata eýe bolan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny aýtdy we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň BAE ilkinji resmi saparynyň, onuň çäklerinde gol çekilen resminamalaryň iki döwletiň gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygyny giňeltmekde Türkmenistanyň ýangyç-energetika kuwwatynyň we dünýäniň ulag-kommunikasiýa ýollarynyň çatrygynda amatly ýerleşmeginiň uly ähmiýete eýedigini aýdyp, Türkmenistanyň BAE-niň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk üçin ähli mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan BAE-niň işewürler toparlarynyň öňdengörüjilikli ykdysady strategiýany üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassyklady. Şeýle-de taraplar ulag ugry boýunça, hususan-da, deňiz, demir ýol we howa gatnawlary ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhümdigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýä deňiz portlary ulgamyna birikdirmek üçin Abu-Dabiniň Halkara deňiz porty bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň netijeli boljakdygyny aýtdy.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň işini has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini, iki ýurduň işewürler toparlarynyň wekilleriniň arasynda yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýany özi üçin islendik amatly wagtda Aşgabada sapar bilen gelmäge çagyrdy.

BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň