Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Abu-Dabide işewürlik maslahatynyň açylyşyna gatnaşdy

11:5922.11.2022
0
25339
Türkmenistanyň Prezidenti Abu-Dabide işewürlik maslahatynyň açylyşyna gatnaşdy
Surat: al-watan

Şu gün Abu-Dabi şäherindäki «St.Regis Abu Dhabi» myhmanhanasynda Türkmenistan — BAE işewürlik maslahaty geçirildi. Onuň açylyş dabarasyna Birleşen Arap Emirliklerinde resmi saparda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

Myhmanhananyň esasy girelgesiniň öňünde döwlet Baştutanyny Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin Ahmed Al Zeýudi we BAE-niň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň başlygy Abdulla Al Mazrui garşylady. Giriş sözünden soňra, Prezident Serdar Berdimuhamedow işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasy mynasybetli çykyş etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazeti habar berdi.

Bellenilişi ýaly, bu ýerde Türkmenistanyň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada gürrüň berýän wideorolik görkezildi. Çykyşlar tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Işewürlik maslahatynyň geçýän ýerinde sergi ekspozisiýasy ýaýbaňlandyrylyp, onda «Türkmenistanda öndürildi» ýazgyly dokma, haly, gurluşyk, elektronika, konditer önümleri we beýleki harytlar görkezildi.

Ýeri gelende bellesek, şu günki Türkmenistan — BAE işewürlik maslahatyna türkmen tarapyndan düzüminde 30-dan gowrak adam bolan işewür wekiliýet gatnaşýar. Şolaryň hatarynda Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Dokma senagaty ministrlikleriniň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, hususy telekeçiler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň