Turkmenportal logo
21.11.22
1990319903
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Gurbanguly Berdimuhamedow Tokaýewe gutlag ýollady
Gurbanguly Berdimuhamedow Tokaýewe gutlag ýollady

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň adyndan we hut öz adyndan Kasym-Žomart Tokaýewe Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi diýlip, «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


— Geçirilen saýlawlaryň netijesi Gazagystanyň halkynyň Siziň ýurdy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alyp barýan syýasy ugruňyza doly ynanýandygyny aýdyň görkezdi. Siziň türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandyňyz aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Geljekde-de bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde biziň doganlyk halklarymyzyň bähbidine ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmegi üpjün etjekdigimize we täze mazmun bilen baýlaşdyrjakdygymyza ynanýaryn — diýip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlag hatynda nygtaýar.


Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Gazagystan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdi.