Ýaşlar ligasynda 10-njy tapgyryň duşuşyklary geçirildi

23:5112.11.2022
0
1009

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 10-njy tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda «Aşgabat II» topary «Merwiň» ýaşlar düzümi bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Mary welaýatynda geçirilen duşuşykda «Ahal» toparynyň ýaşlar düzümi «Energetik II» toparyny 6:1 hasabynda ýeňmegi başardy. Balkanabadyň «Sport toplumy» stadionynda duşuşan «Nebitçi II» hem-de «Köpetdag II» toparlarynyň arasyndaky duşuşyk 1:0 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy.

Ýaryş tertibiniň öňbaşçysy paýtagtymyzyň «Altyn Asyr» toparynyň ýaşlar düzümi Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadam» toparyny kabul edip, 4:1 hasabynda ýeňiş gazandy.

Şeýlelikde, geçiren 10 duşuşygyň hemmesini hem ýeňiş bilen tamamlan «Altyn Asyr II» ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýelemegini dowam edýär.

Ikinji orny 21 utugy bolan «Ahal II», üçünji orny bolsa 14 utuk toplan «Şagadam II» topary eýeleýärler.

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 11-nji tapgyrynyň duşuşyklary 19-njy noýabrda geçiriler: «Aşgabat-II» – «Energetik-II», «Merw-II» – «Nebitçi-II», «Köpetdag-II» – «Altyn Asyr-II», «Şagadam-II» – «Ahal-II».

10-njy tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:
«Aşgabat II» – «Merw II» – 1:1
«Energetik II» – «Ahal II» – 1:6
«Altyn Asyr II» – «Şagadam II» – 4:1
«Nebitçi II» – «Köpetdag II» – 1:0

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. «Altyn Asyr II» 10 10 0 0 32-6 30
2. «Ahal II» 9 7 0 2 31-8 21
3. «Şagadam II» 8 4 2 2 19-17 14
4. «Aşgabat II» 10 3 3 4 10-10 12
5. «Köpetdag II» 10 3 2 5 14-11 11
6. «Nebitçi II» 9 2 2 5 17-27 8
7. «Merw II» 9 2 2 5 5-15 8
8. «Energetik II» 9 0 1 8 5-39 1
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň