19-njy noýabrda ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 11-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi.
Bu tapgyryň çäginde ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Altyn Asyr” toparynyň ýaşlar düzümi myhmançylykda “Köpetdag II” topary bilen duşuşdy. Bu duşuşyk 0:0 hasabynda deňlikde tamamlandy. Geçirilen bu duşuşykdan soň “Altyn Asyr II” topary 31 utuk toplady.
Ýaryş tertibinde ikinji orny eýeleýän “Ahal II” topary myhmançylykda “Şagadamyň” ýaşlar düzümini 3:2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gazanan bu ýeňşinden soň “Ahal II” topary 24 utuk toplady. 14 utugy bolan “Şagadam II” topary eýeleýän üçünji ornunda galdy.
Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Merw II” topary “Nebitçiniň” ýaşlar düzüminden 1:0 hasabynda üstün çykdy.
Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary 27-nji noýabrda geçiriler: “Energetik-II” – “Şagadam-II”, “Altyn Asyr-II” – “Merw-II”, “Nebitçi-II” – “Aşgabat-II”, “Ahal-II” – “Köpetdag-II”.
11-nji tapgyryň duşuşyklary:
“Merw II” – “Nebitçi II” – 1:0
“Köpetdag” – “Altyn Asyr II” – 0:0
“Şagadam II” – “Ahal II” – 2:3
Çempionatyň tablisasy:
T/b Toparlar O Ý D U T U 1. «Altyn Asyr II» 11 10 1 0 32-6 31 2. «Ahal II» 10 8 0 2 34-10 24 3. «Şagadam II» 9 4 2 3 21-20 14 4. «Aşgabat II» 10 3 3 4 10-10 12 5. «Köpetdag II» 11 3 3 5 14-11 12 6. «Merw II» 10 3 2 5 6-15 11 7. «Nebitçi II» 10 2 2 6 17-28 8 8. «Energetik II» 9 0 1 8 5-39 1

