Turkmenportal logo
21.11.22
1226912269
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Russiýanyň we Özbegistanyň ýygyndylary deňme-deň oýnadylar
Russiýanyň we Özbegistanyň ýygyndylary deňme-deň oýnadylar

Daşkent şäheriniň «Pahtakor» stadionynda geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda Russiýanyň we Özbegistanyň futbol ýygyndylary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar.


Iki ýygyndy biri-biri bilen taryhynda ilkinji gezek duşuşdy. Häzir FIFA-nyň reýtinginde Russiýa 33-nji, Özbegistan bolsa 77-nji orunda barýar.


Şu ýyl rus ýygyndysy üç ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. Olaryň üçüsi hem Merkezi Aziýanyň ýygyndylary bilen boldy. Has takygy, Waleriý Karpiniň şägirtleri Gyrgyzystany 2:1 hasabynda ýeňip, Täjigistan we Özbegistan bilen golsuz deňlikde oýnadylar.