Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy dokuz aýda 13,8% ýokarlandy

12:2221.11.2022
0
15278

2022-nji ýylyň ilkinji ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky söwda dolanyşygy 13,8% ýokarlandy we 2,54 milliard dollara barabar boldy diýip, «Türkmenistan» gazeti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözlerine salgylanyp habar berdi.

— Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň öňdebaryjy söwda hyzmatdaşlarynyň hatarynda durýar — diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow daşary söwda dolanyşygynyň ösüş depginini mysal hökmünde getirdi. Bellenilmegine görä, 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 2 milliard 573 million, 2022-nji ýylyň 9 aýynda bolsa 2 milliard 54 million amerikan dollaryna deň boldy.

Şeýlelik bilen, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 13,8% barabar boldy.

Bu döwründe Türkmenistanyň daşary söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda Türkiýäniň ikinji orny eýeländigini bellemek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny ösdürmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny we bu ugurdaky işleriň dowam etdiriljekdigini aýtdy.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň