Türkmenistan 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçiriljek Bütindünýä EKSPO-2025 sergisine gatnaşmak üçin taýýarlyk görýär.
Şu maksat bilen Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi Osakada Milli pawilýonyň gurluşyk işlerini alyp barmak boýunça gaýtadan halkara bäsleşik yglan etdi. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň 21-nji noýabrda çykan sanynda habar berilýär.
Ýeri gelende bellesek, mundan ozal şu ýylyň iýul aýynda bu bäsleşik barada türkmen metbugatynda giňişleýin maglumat berlipdi.
Bäsleşik üçin ýuz tutmalar şu salgyda 2022-nji ýylyň 21-nji dekabryna çenli kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 52-nji jaý.
Goşmaça habarlaşmak üçin telefon belgiler: (+993 12) 44-64-77, 44-63-00, 44-63-37, 44-64-14.
Şeýle-de okaň: