«Gerekli» onlaýn dükanynda mega aksiýa arzanladyş çäresi geçiriler

09:3521.11.2022
0
24662

25-26-njy noýabrda «Gerekli» onlaýn söwda meýdançasynda her ýylda geçirilýän mega aksiýa çäresi bolar.

«Gerekli» onlaýn dükanynyň hünärmeniniň belleýşi ýaly, eýýäm özboluşly däbe öwrülýän bu arzanladyş çäresine hemişelik alyjylar uly sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Bu iki günlük arzanladyşda alyjylar 100-den gowrak köpdürli görnüşli harytlary 60%-e çenli arzan bahadan alyp bilerler. Arzanladyş çäresinde alyjylara hödürlenýän harytlaryň hatarynda ululy-kiçili hojalyk tehnikalary, smartfonlar we aksessuarlar, öý harytlary, elektrotehnika, audio we wideo enjamlary, gurluşyk gurallary we başga-da dürli hili önümler bar.

25-26-njy noýabr günlerinde onlaýn dükanda arzan bahalardan ýetiriljek harytlar bilen gerekli.tm saýtyna girip tanşyp bilersiňiz, şeýle-de bu babatda goşmaça sowallar bilen (+993 64) 06 56 66 telefon belgisine jaň etmek arkaly we sosial media ulgamyndaky hasaby boýunça habarlaşmak bolýar.

Bulardan başga hem, «Gerekli» onlaýn dükany smartfonlar, planşetler, nauşnikler, noutbuklar, “akylly” sagatlar, telewizorlar, kiçi we uly hojalyk tehnikalary, parfýumeriýa we şunuň ýaly bahasy 1000 manatdan ýokary bolan harytlaryň garaşaryna berilýändigini mälim edýär.

«Gerekli» onlaýn dükanynyň adybir ykjam goşundysy arkaly hem söwda edip bilersiňiz. Ykjam goşundy Play Market hem-de App Store internet dükanlarynda elýeterlidir.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň