Soňky habarlar

Arhiw

DÇ-2022: penaltiden ilkinji gol, ýer eýesinden ilkinji ýeňliş

00:0021.11.2022
0
13215

Biraz ozal DÇ-2022-niň açylyş oýny bolan Katar — Ekwador duşuşygy tamamlandy. Oýun 2:0 hasabynda Ekwadoryň milli ýygyndysynyň ýeňşi bilen gutardy. Duşuşygyň 16-njy minutynda Ekwadoryň kapitany Enner Walensiýa Kataryň derwezeçisi tarapyndan jerime meýdançasynda gödek oýun bilen saklanyldy, emin bolsa ikirjiňlenmezden 11 metrlik nokada yşarat etdi. Penaltini jebir çeken oýunçynyň özi dürs ýerine ýetirip, myhmanlary hasapda öňe çykardy. Şeýlelikde, futbol boýunça dünýä çempionatlarynyň taryhynda ilkinji gezek ýaryşyň ilkinji goly penaltiden derwezä ýollandy. 31-nji minutda ýene şol Walensiýa uly sahna çykyp, bu sapar oýun pursatyndan Kataryň derwezesine gol saldy. Şol 2:0 hasaby hem eminiň soňky jürlewügine çenli üýtgewsiz galdy.

Şunlukda, dünýä çempionatlarynyň taryhynda ýaryşa rekord derejede çykdajy eden Katar açylyş oýunlaryndaky ýer eýeleriniň şowly seriýasyna nokat goýdy. Has takygy, Katar dünýä çempionatlarynyň taryhynda açylyş oýnunda ýeňlen ilkinji ýer eýesi hökmünde taryha girdi. DÇ-2022-niň oýunlary ertir Angliýa — Eýran (18:00) hem-de Niderlandlar — Senegal (21:00) oýunlary bilen dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň