Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenabatda Köýtendagyň täsin tebigatyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16:3420.11.2022
0
30904

Lebap welaýat kitaphanasynda «Köýtendag ― türkmen tebigatynyň täsinliklere baý bolan ajaýyp künjegidir!» atly maslahat geçirildi.

«Jeyhun.news»-iň berýän habaryna görä, ony ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli topary, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Lebap welaýat häkimligi bilelikde guradylar.

Duşuşykda Köýtendagyň tebigy ýadygärlikleri, olary goramagyň we geljeki mesiler üçin saklap galmagyň ähmiýeti, bu ýadygärliklerdir tebigy baýlyklaryň ähmiýetini ilatyň arasynda düşündirmek, syýahatçylygy ösdürmek barada gürrüň edildi.

Şonuň ýaly-da, Köýtendag döwlet tebigy goraghanasyny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Şeýle-de, okaň!:

Ýatdan çykmajak syýahat üçin Türkmenistanyň iň owadan ýerleri

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň