Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýa merkezi täze elektron žurnaly neşir eder

16:2020.11.2022
0
41464

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehologiýalar merkezinde «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» ady bilen her çärýekde ylmy-amaly elektron žurnaly neşir ediler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşirinde habar berildi.

Žurnalyň wezipesi ýaş alymlaryň geljegi, olaryň uly açyşlaryny goldamaga we ýurduň ylym hem-de tehnika ulgamynda innowasion häsiýetli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir.

Internet neşiriň sahypalarynda ylmy barlaglar esasynda öňde baryjy usullaryň, tejribeleriň we tehnologiýalaryň, ylmyň hem-de tehnikanyň iň täze gazananlarynyň çalt önümçilige ornaşdyrylmagynyň, önümçilige ornaşdyrylanlarynyň, ylym we tehnika ulgamynda täze usullaryň hem-de innowasion tehnologiýalaryň meselelerine garalar.

Žurnalyň redaksiýasyna Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň uniwersitetleriniň alymlarydyr mugallymlary girer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň