Dota 2 boýunça Türkmenistanyň ýygyndysynyň dünýä çempionatyndaky garşydaşlary belli boldy

15:0020.11.2022
0
13567

IeSF World Championships 2022-niň guramaçylary DOTA 2 boýunça Indoneziýada geçiriljek ýaryşyň toparçalaryny kesgitlediler.

Bije çekişligiň netijesine görä, Türkmenistanyň ýygyndysy «D» toparçada Fransiýa, Awstraliýa, Braziliýa, Gyrgyzystan we Gruziýa bilen ýaryşar.

Dünýä çempionatyna türkmen ýygyndysyna Magtymguly Hojaýew, Denis Oglodin, Geldimyrat Çopanow, Rahman Amandurdyýew we Aýmyrat Halmyradow dagylar wekilçilik eder.

Ýaryş 1 ― 2-nji dekabr günlerinde Bali şäherinde geçiriler. Şeýle hem 3 ― 4-nji dekabr günlerinde eFootball boýunça ýaryşyň toparçalaýyn duşuşyklary geçiriler.

Ýeri gelende aýtsak, kibersport boýunça dünýä çempionaty şu ýyl alty ugur boýunça geçiriler. Ozal diňe CS:GO, Dota 2, Tekken 7 we eFootball boýunça ýaryşlar geçirilen bolsa, şu ýylky maksatnama PUBG Mobile bilen Mobile Legends: Bang Bang hem goşuldy.

Türkmenistanyň elektron sport boýunça milli federasiýasynyň (TMeSF) Halkara elektron sport federasiýasyna (IeSF) 2020-nji ýylyň sentýabr aýynda agza bolandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň