TÝL ― 2022: «Köpetdag» dördünji orna göterildi

12:3519.11.2022
0
14872

«Köpetdag» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynda «Energetigi» öz meýdanynda 2:0 hasabynda ýeňdi.

Ýeňiji toparyň gollaryny 8-nji minutda Ýazgylyç Gurbanow, 16-njy minutda Begenç Akmämmedow geçirdi.

Şeýlelikde, tapgyrda «Şagadamyň» «Merwden» ýeňilmegi bilen 31 utukly «Köpetdag» ýene dördünji orna göterildi. 15 utukly «Energetik» bolsa ýedinji orunda galdy.

Indiki tapgyrda 26-njy noýabr güni «Energetik» «Altyn asyry» kabul eder. Ondan bir gün «Köpetdag» «Merw» bilen güýç synanyşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň