Soňky habarlar

Arhiw

«Miras» žurnalynyň täze sany okyjylaryna gowuşdy

07:4818.11.2022
0
14563
«Miras» žurnalynyň täze sany okyjylaryna gowuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan üç aýdan bir gezek neşir edilýän «Miras» ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, žurnalyň täze sany Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlara, mugallymlara we bilim işgärlerine Gutlagy, şeýle-de dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli türkmen halkyna Gutlaglary bilen açylýar.

Žurnalyň «Açyşlar we täze işläp düzmeler» bölümindäki «Salar Babanyň «Jamygut-taryh» eseri» atly makalada türkmen diline degişli ýazuw ýadygärlikleriniň biri bolan taryhy golýazma barada gürrüň berilýär. Bu golýazmanyň dünýädäki ýeke-täk nusgasy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanylýar. XVI asyryň ortalarynda ýazylan «Jamygut-taryh» atly eserde Samany, Garahanly, Gaznaly, Deýlemli döwletleriniň we Beýik Seljuk türkmen döwletiniň taryhy beýan edilýär.

Agzalan bölümdäki «Saýadynyň «Zöhre-Tahyr» mesnewisiniň XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatyna täsiri» atly makalada bolsa bu eseriň türkmen edebiýatynyň ösüşine ýetiren täsiri barada gürrüň berilýär.

«Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary» atly bölümde ýerleşdirilen makalada Nurmuhammet Andalyp we Magtymguly Pyragy ýaly türkmen halkynyň görnükli şahyrlarynyň döredijiligi deňeşdirilýär. «Nusgawy edebiýatyň goşa ganaty» atly makalada Andalybyň döredijiliginiň Magtymgulynyň dünýägaraýşyna ýetiren täsiri barada giňişleýin gürrüň berilýär.

Bulardan başga-da, žurnalyň täze sanynda «Türkmenistanyň gadymy we orta asyr köprüleri», «Türkmen halkynyň geçmişiniň maddy medeniýetiniň ýadygärlikleri» atly makalalar hem okyjylara hödürlenip, olarda degişli temalar boýunça giňişleýin maglumatlar berilýär.

«Ylmy we medeni durmuşyň habarlary» atly bölümde şu ýylyň üçünji çärýeginde Türkmenistanyň jemgyýetçilik, ylmy-medeni durmuşynda bolup geçen wakalara syn berilýär.

Türkmen, iňlis, rus dillerinde çap edilen neşir häzirki zaman sungat ussatlarynyň suratlary, seýrek arhiw materiallary we kartografik suratlar bilen bezelendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň