Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasyny ibermek baradaky şertnamany uzaltmaga taýýarlanýar

15:4815.11.2022
0
32358

Türkmenistan Owganystana elektrik energiýasynyň importy baradaky şertnamany uzaltmaga taýynlanýar. Bu barada Türkmenistanyň Owganystandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hoja Öwezow Owganystanyň energetika we suw serişdeleri ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Molla Abdul Latif Mansur bilen geçirilen duşuşykda aýtdy. Bu barada « The Kabul Times» ýazýar.

Duşuşykda taraplar energiýa pudagyndaky hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de aýry-aýrylykda goňşy Owganystana türkmen elektrik energiýasyny import etmek maksatnamasynyň işlenip düzülendigi bellendi. Şonuň ýaly-da, ilçi Hoja Öwezow bilen Molla Abdul Latif Mansuryň Jowzjan welaýatynyň Homab we Karkin etraplaryna elektrik üpjünçiligi boýunça taslamalary ara alyp maslahatlaşandyklary barada habar berildi.

2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda «Nur al-Jahad» podstansiýasynyň elektrik geçirijisiniň kuwwatyny 110 kW-dan 220 kW-a çenli ýokarlandyrmak barada şertnama baglaşylandygyny ýatladýarys.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň