Klub toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň woleýbol boýunça milli çempionatyna badalga berildi. Oňa 7 topar gatnaşýar.
Has takygy, Türkmenistanyň çempionlygy ugrunda Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebitçi», Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Galkynyş», Türkmen döwlet maliýe institutynyň «Maliýeçi», Içeri işler ministrliginiň «Galkan», Goranmak ministrliginiň «Milli goşun», Döwlet migrasiýa gullugynyň «Migrasiýa», şeýle hem Döwlet serhet gullugynyň «Serhetçi» woleýbol toparlary güýç synanyşýar.
Çempionat jemi 2 aýlawdan ybarat bolar. Bu aýlawlarda 4 tapgyryň duşuşyklary geçiriler. Ýakynda onuň birinji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Onuň netijelerine görä, «Migrasiýa», «Galkan» we «Nebitçi» toparlary ýaryşyň başyny çekýär.
2-nji aýlawyň duşuşyklaryna ertir ― 16-njy noýabrda badalga berler we ol 20-nji noýabra çenli dowam eder.
Woleýbol boýunça Türkmenistanyň çempiony bolan topar 2023-nji ýylda Aziýanyň klublaýyn çempionatyna gatnaşar.