Soňky habarlar

Arhiw

Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi

22:0814.11.2022
0
20443
Serdar Berdimuhamedow welaýat häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Iş maslahatynda ýurduň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi hem-de sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Welaýatlaryň häkimleri şu günler ýurduň sebitlerinde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depgini, esasan-da, pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak, bugdaý ekişini bellenilen möhletlerde, talabalaýyk alyp barmak, agrotehniki möhletlere laýyklykda, bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwunyň tutulyşy we ekiniň mineral dökünler bilen iýmitlendirilişi, bugdaýa ideg etmekde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň bökdençsiz işiniň üpjün edilişi, şeýle-de 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işleriniň meýilnama laýyklykda alnyp barylýandygy barada hasabatlary berdiler. Degişli hasabatlarda Balkan welaýatynda 2023-nji ýylyň hasyly üçin gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm işlerine taýýarlyk görülýändigi, Daşoguz welaýatynda bolsa bugdaý ekişiniň tamamlanandygy barada aýdyldy.

Häkimler welaýatlarda ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmek, ilaty bu azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek ugrunda zerur işleriň ýerine ýetirilýändigi barada hem hasabat berdiler.

Şeýle-de hasabatlarda ýurduň welaýatlarynda Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görlüşi barada hem aýdyldy. Häkimler şu ýyl welaýatlarda Oba milli maksatnamasyna laýyklykda medeni-durmuş we önümçilik maksatly dürli desgalary gurmak boýunça meýilleşdirilen işler, gurluşyk işleriniň barşy barada-da aýtdylar.

Balkan we Mary welaýatlarynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýygnamak boýunça işleriň guramaçylykly alnyp barylýandygy barada degişli hasabatlarda aýdyldy.

Iş maslahatynda ýurtda ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda we ýitgisiz ýygnap almak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada-da aýdyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almagyň şu günki günüň möhüm wezipesidigini aýtdy hem-de gyzgalaňly dowam edýän pagta ýygymynyň depginlerini güýçlendirmek babatda häkimlere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany bugdaý ekişiniň agrotehniki möhletlerde geçirilmelidigini, bugdaýa ideg etmekde peýdalanylýan oba hojalyk tehnikalarynyň doly güýjünde işledilmelidigini, ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmelidigini belläp, bu babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezident ýurtda azyk bolçulygyny üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almakda, sowadyjy ammarlara ýerleşdirmekde, ilaty olar bilen bolelin üpjün etmekde zerur tagallalaryň edilmelidigini aýtdy.

Degişli häkimlere gant şugundyry ekilen meýdanlarda ýokary hasyl ýygnamak ugrundaky işleri talabalaýyk guramak boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini aýtdy we bu babatda degişli görkezmeleri berdi. Ýetişdirilen şaly hasylyny gysga wagtda hem-de ýitgisiz ýygnap almak babatda-da anyk tabşyryklar berildi.

Şeýle-de Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň berk gözegçilikde saklanmalydygy babatda häkimlere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutany Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralara häzirden ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.

Iş maslahatynda wise-premýer A.Ýazmyradow ýurduň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň depginleri, şol sanda geljek ýyl gowaça ekiljek ýerlerde sürüm işlerine girişilendigi barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň ýurduň ykdysadyýetindäki ähmiýeti barada aýtmak bilen, möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenen möhletlerde geçirmek üçin ähli tagallalaryň görülmelidigini belledi we wise-premýere bu meseleleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Pagta hasylyny soňky hanasyna çenli ýygnap almak, bugdaý ekişini agrotehniki möhletlerde tamamlamak, ilaty ýurduň özünde öndürilen ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen doly üpjün etmek ugrunda öňde durýan wezipelere ünsi çekip, wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer A.Ýazmyradowa hem-de welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň agrotehniki möhletlerde, talabalaýyk we öz wagtynda geçirilmeginiň üpjün edilmeginiň, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna jogapkärçilikli çemeleşmegiň zerurdygyny belledi hem-de degişli tabşyryklary berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň