Turkmenportal logo
14.11.22
1094210942
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Aşgabat» bilen bolan duşuşykda utuk ýitirdi
TÝL ― 2022: «Altyn asyr» «Aşgabat» bilen bolan duşuşykda utuk ýitirdi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 20-njy tapgyrynyň jemleýji duşuşygy geçirilip, onda «Altyn Asyr» bilen «Aşgabat» toparlary güýç synanyşdylar. Paýtagtymyzyň «Sport toplumy» stadionynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy. Bu barada TFF-niň resmi saýtynda habar berildi.


Bu duşuşykdan soň «Altyn Asyr» utugyny 43-e ýetirip, ýaryş tertibinde ikinji orny eýelemegini dowam edýär. 20 utugy bolan «Aşgabat» bolsa eýeleýän altynjy ornunda galdy.


Futbol çempionatynyň 21-nji tapgyrynyň duşuşyklary 18-nji noýabrda geçiriler: “Aşgabat” – “Ahal”, “Nebitçi” – “Altyn Asyr”, “Köpetdag” – “Energetik”, “Merw” – “Şagadam”.


“Altyn Asyr” – “Aşgabat” – 1:1


Gollar: 27 Yhlas Toýjanow (“Altyn Asyr”) – 22 Agajan Altyýew (“Aşgabat”)


Duýduryş: 73 Myrat Amantaganow (“Aşgabat”)


Geçirilen ýeri: «Sport toplumy» stadiony (Aşgabat ş.; Büzmeýin etr.)


Duşuşygyň emini: A.Begnazarow (Mary ş.)


Kömekçi eminler: S.Gurbanow (Balkanabat ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)


Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)


Gözegçi emin: G.Öwezow (Aşgabat ş.