Turkmenportal logo
13.11.22
2459724597
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda hindi sarilerini geýmek boýunça bäsleşik geçirildi
Aşgabatda hindi sarilerini geýmek boýunça bäsleşik geçirildi

Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň guramagynda hindi milli lybaslary bolan sarileri geýmek boýunça bäsleşik geçirildi.


Türkmen janköýerleri milli hindi lybaslarynyň ýaryşyna işjeň gatnaşdylar.



Bäsleşige gatnaşanlar adaty sari geýmek endiklerini, dizaýn ideýalaryny innowasion usullar bilen görkezdiler.



Bäsleşigiň ýeňijilerini Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi Widhu Pithambaran Nair gutlady.




Ilçihananyň sosial ulgamlarynda berilýän habara görä, çäräniň ahyrynda ähli gatnaşyjylara we myhmanlara milli hindi tagamlary hödürlendi.