Turkmenportal logo
13.11.22
1283812838
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
TÝL ― 2022: «Ahal» «Merwi» ýeňip, çempionlyga ýakynlaşdy
TÝL ― 2022: «Ahal» «Merwi» ýeňip, çempionlyga ýakynlaşdy

Aşgabatdaky «Nusaý» stadionynda Ýokary liganyň 20-nji tapgyrynyň duşuşygy geçirildi. Onda «Ahal» Marynyň «Merwini» kabul etdi. Baş emin Arslan Goşşanowyň jemleýji jürlewügine çenli «Ahal» garşydaşynyň derwezesinden 2 pökgi geçirip, nobatdaky ýeňşini gazandy.


«Ahal» 10-njy minutda Ilýa Tamurkiniň dürs urgusy bilen öňe saýlanan bolsa, 5 minutdan soň Didar Durdyýew tapawutlandy.


Şeýlelikde, 20 duşuşykda 54 utuk toplap bilen «Ahal» ýaryş tertibiniň birinji basgançagynda barýar. 30 utukly «Merw» bolsa üçünji orny eýeleýär.


«Ahalyň» hüjümçisi Didar Durdyýewiň möwsümdäki 17-nji goluny geçirip, iň netijeli futbolçylaryň sanawynyň başyny çekýändigini habar berýäris.