Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda göreldeli oba hojalyk işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy

11:0812.11.2022
0
19543

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 12-nji noýabrda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri hem-de ýurduň obasenagat toplumyny ösdürmäge mynasyp goşant goşýan beýleki oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Dabara hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Surat: N.T. gazeti

Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň eýwanynda guralan, ugurdaş düzümleriň we kärhanalaryň taýýarlan sergisinde pagtaçylyk we pagtany gaýtadan işleýän, şeýle-de däneçilik pudagynyň azyk senagatynyň önümleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Sergä gelýänlerde dürli ekinleriň, şol sanda şalynyň we mekgejöweniň, bakja, miwe hem-de gök önümleriň ýerli toprak-howa şertlerinde netijeliligini görkezen tohum serişdeleri uly gyzyklanma döretdi.

Bu ýerde dabaranyň çäklerinde sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti hem boldy.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünlikleri, Garaşsyz Türkmenistanyň we türkmen halkynyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, 11-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Permanyna laýyklykda, ýurduň şu 15 raýaty, ýagny:

  • Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ajapsoltan Hanymowa,
  • Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annaoraz Aşyrmyradowiç Annamyradow,
  • Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Annamuhammet Gurbanowiç Annadurdyýew,
  • Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Paraw» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhammetnazar Amanberdiýewiç Gurdyýew,
  • Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň «Daýhan ädimi» daýhan hojalygynyň baş mehanigi Gara Myratmuhammedowiç Annaýew,
  • Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Nurly Gulatarow,
  • Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýat Oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Gubadag etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň mehanizatory Dädemyrat Hudaýberdiýewiç Kakabaýew,
  • Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Hazynaly toprak» daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Aýjemal Kakaýewna Atajykowa,
  • Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň «Pagtaçylyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Tuwakgül Mämedowna Palwanowa,
  • Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Mürzebeg gala» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulsenem Döwletowa,
  • Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Ýalkym» daýhan birleşiginiň baş agronomy Agamyrat Taganowiç Öwezow,
  • Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýna Akmuradowna Jumadurdyýewa,
  • Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Täze ýol» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Parahat Jumageldiýewiç Seýdiýew,
  • Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Marçak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Akbegenç Amandurdyýewna Gurbanowa,
  • Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kakabally Atageldiýewiç Orazmyradow Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglanyldy.
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň