Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen ilçisi ÝUNESKO-nyň Baş direktoryna ynanç hatyny gowşurdy

12:0711.11.2022
0
27502

Ilçihananyň sosial ulgamlarynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Fransiýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Maksat Çaryýew, şol birwagtda BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktory Odre Azulä gurama ýurdumyzdan hemişelik wekil hökmündäki ynanç hatyny gowşurdy.

Soňra ilçi bilen Baş direktoryň arasynda duşuşyk geçirildi. ÝUNESKO-nyň Baş direktory özara gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň medeniýet, ylym-bilim ugurlarynda dürli taslamalary ilerletmek hem-de dünýäniň medeni we tebigy gymmatlyklarynyň goralmagyna uly goşant goşmak bilen, guramanyň işjeň agzasy bolup durýandygyny belledi.

Öz gezeginde, Ilçi ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunda möhüm orun eýeleýändigini belläp, Türkmenistanyň guramanyň dürli maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmagynyň özara gatnaşyklaryň işjeňleşmegine we täze derejä göterilmegine getirendigini aýtdy. Ilçi Türkmenistanyň medeniýet, ylym-bilim, ekologiýa we sport ugurlarynda ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça mümkinçilikleriň durmuşa geçirilmegine taýýardygyny mälim etdi.

Şeýle hem duşuşykda geljek ýyl Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmegine 30 ýyl dolýandygy nygtalyp, ýubileý senä gabatlap, taraplar onuň bilen bagly birnäçe çäreleri geçirmegi ylalaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň