Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň U-14 ýygyndysy Merkezi Aziýanyň çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirer

10:3011.11.2022
0
20755

Türkmenistanyň futbol boýunça 14 ýaşa çenli ýetginjekler ýygyndysy şu gün Merkezi Aziýanyň futbol çempionatyndaky ilkinji duşuşygyny geçirer. Merkezi Aziýanyň futbol assosisiýasy tarapyndan (CAFA) geçirilýän ýaryş bir aýlaw görnüşinde bolar.

Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ilkinji duşuşygyny şu gün Özbegistanyň ýygyndysy bilen geçirer. Şeýle hem şu günüň ikinji ýarymynda Eýran ― Owganystan duşuşygy bolar.

18-nji noýabra çenli bir aýlaw görnüşinde geçiriljek ýaryşa Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ýetginjekler ýygyndylary gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň