Şu gün Aşgabatda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde bu ýokary okuw mekdebine Ýaponiýa hakyndaky kitaplary sowgat bermek dabarasy geçirildi.
Dabarada Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly wekili Ýamamoto Hiroýuki ýokary okuw mekdebiniň rektory Esen Aýdogdiýewe 53 kitap sowgat etdi.
Kitaplar türkmen uniwersitetine Nippon gaznasy tarapyndan 2008-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýän «Read Japan Project» taslamasynyň çäginde sowgat edildi.
Ýaponiýa baradaky iňlis dilinde ýazylan kitaplar dünýä uniwersitetlerine we kitaphanalaryna sowgat edilýär. Munuň özi Ýaponiýanyň Türkmenistandaky haýyr-sahawat çäreleriniň ilkinjisi bolup durýar.