Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleri geçirilýär

22:4209.11.2022
0
16215

Şu gün «Aşgabat» kinoteatrynda koreý kinosynyň festiwalynyň açylmagy bilen, Türkmenistanda Koreý medeniýetiniň günleri badalga aldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, bu çäre Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şu ýyl bellenilýän 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýär. Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk türkmen döwletinde alnyp barylýan «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde üstünlikli ösdürilýär.

Kino festiwalynyň maksatnamasyny koreý kinematograflarynyň soňky ýyllarda döreden doly göwrümli çeper filmleri düzýär.

Koreý kinosynyň festiwalynyň açylyşyna dostlukly ýurduň Türkmenistandaky wekilleri, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda koreý dili we edebiýaty boýunça okaýan talyp ýaşlar we bu ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary, medeniýet ulgamynyň, habar beriş serişdeleriniň işgärleri, Aşgabadyň ýaşaýjylarydyr myhmanlary gatnaşyp, koreý filmlerine tomaşa etdiler.

Dostlukly halkyň häzirki zaman sazy we kinematografiýasy, özboluşly, baý däp-dessurlary bilen tanyşdyrýan Koreý medeniýetiniň günleri birek-biregiň medeni mirasyny öwrenmäge özara gyzyklanma bildirilýändigini, şeýle-de döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin ynsanperwer gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň möhümdigini ýene bir gezek tassyklady.

«Aşgabat» kinoteatrynda koreý kinosynyň görkezilişi 9 — 11-nji noýabr günlerinde dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň