Turkmenportal logo
08.11.22
1909219092
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan şu ýylyň 10 aýynda Nowosibirsk sebitinden 19,6 tonna balyk import etdi

Türkmenistan 2022-nji ýylyň ýanwar—oktýabr aýlary aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Nowosibirsk sebitinden 19,6 tonna doňdurylan balyk import etdi diýlip, «Rosselhoznadzoryň» resmi web sahypasynda habar berildi.


Habarda 2022-nji ýylyň 10 aýynda, umumy agramy 7010,5 tonna bolan doňdurylan balyklaryň 350 tapgyrynyň «Rosselhoznadzoryň» hünärmenleriniň gözegçiligi astynda Nowosibirsk sebitinden eksport edilendigi, munuň beýleki ýurtlara iberilen maldarçylyk önümleriniň eksport agramynyň 79%-ini düzýändigi hem-de 2021-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 1,6 esse köpdügi aýdylýar.


— Esasy import edijileriň arasynda Täjigistan Respublikasy (4094 tonna) we Özbegistan Respublikasy (2525 tonna) bar. Şeýle hem, 19,6 tonna balyk ýene bir Merkezi Aziýa döwletine — Türkmenistana iberildi. Mundan başga-da, Nowosibirsk guramalary 642 tonna doňdurylan balyk eksport edilen Germaniýadan, Litwadan we Fransiýadan alyjylar bilen baglaşylan şertnamalar boýunça öz borçlaryny ýerine ýetirdi — diýlip, habarda bellenilýär.


Maldarçylyk önümleriniň iberilen haryt tapgyrlarynyň hataryna iýilýän towuk ýumurtgalary (18 million 205,4 müň sany), guş eti (1400 tonna), oba hojalyk haýwanlary (106 tonna) we süýt önümleri (57 tonna) hem bar.


Nowosibirsk sebitiniň çäginde taýýarlanan eksport toparlary import edýän ýurtlaryň talaplaryna laýyk gelýär, bu bolsa maldarçylyk önümleriniň hil we howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýändigini kepillendirýär diýlip, habarda nygtalýar.

Türkmenistan şu ýylyň 10 aýynda Nowosibirsk sebitinden 19,6 tonna balyk import etdi | Turkmenportal.com